Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2021-nji ýylyň alty aýynda 811 müň 407 tonna awtomobil ýangyjy öndürildi we sarp edijilere iberildi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetinde çarşenbe güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 144 müň 813 tonna artykdyr.
Häzirki wagtda TNGIZT-niň çäklerinde çig malyň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak we goşmaça gymmaty bolan eksport önümleriniň görnüşini giňeltmek üçin dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlerine gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketler girýär.