“Döwletli-Döwran” 10 mln klinker kerpijini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Döwletli-Döwran” 10 mln klinker kerpijini öndürdi
Kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 550 tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Keramika-bezeg önümlerini öndürýän “Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýeti geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri 10 milliondan gowrak klinker kerpijini öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik kärhanasy “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda 28 gektar meýdanda guruldy.

Kärhanada dünýä belli ispan “Verdes” we “Beralmar” kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylandyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 550 tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

“Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýetinde işler 3 çalşykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde hünärmenleriň we işçileriň 198-si zähmet çekýär.

2022