TSTB-nyň agzalary suw geçirmeýän sintetik materiallary öndürmegi meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-nyň agzalary suw geçirmeýän sintetik materiallary öndürmegi meýilleşdirýärler
Materiallary öndürmek üçin Balkan welaýatynyň Gyýanly polimer toplumynda öndürilýän polipropileni we polietileni ulanmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary suw hojalygy taslamalarynda ulanmak maksady bilen suw geçirmeýän sintetik materiallary, ýagny geomembranlary we geotekstilleri öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu barada TSTB-nyň internet saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişine görä, ýerli suw geçirmeýän sintetik materiallar, esasan, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň zerurlyklary üçin ulanylýan emeli suw howdanlarynda we açyk ýer kanallarynda suw ýitgisini azaltmaga mümkinçilik berer.

Materiallary öndürmek üçin Balkan welaýatynyň Gyýanly polimer toplumynda öndürilýän polipropileni we polietileni ulanmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçini özünde jemleýär.

2022