“Garabogazkarbamid” zawody 482 müň tonna golaý karbamid dökünini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” zawody 482 müň tonna golaý karbamid dökünini öndürdi
“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr.

“Garabogazkarbamid” zawodynda şu ýylyň başyndan bäri 481 müň 600 tonna karbamid döküni öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, ýokary hil derejesine gabat gelýän bu önüm daşary ýurt bazarlaryndada uly islegden peýdalanýar.

“Garabogazkarbamid” iri senagat zawody 2018-nji ýylyň sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ulanylmaga berildi. Zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-niň döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar.

Zawodyň Hazar deňziniň kenarynda gurulmagy öndürilýän önümleri deňiz we demir ýollary arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022