Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalary täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde mekdep egin-eşiklerini we okuw esbaplaryny öndürýärler.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we gipoallergiki materiallardan mekdep okuwçylary üçin egin-eşiklerini we aýakgaplaryny öndürýärler.
Hususan-da, ministrligiň “Bahar” tikin fabrigi tarapyndan ak öňlükler, mekdep köýnekleri we penjekleri, şeýle-de zähmet dersi üçin halatlar hem-de öňlükler tikilýär.
“Ahal” tikin fabriginde erkekler üçin mekdep eşikleriniň, Marynyň “Ýeňiş” fabriginde bolsa, ak köýnekleriň tikin işleri alnyp barylýar. Türkmenabadyň, Daşoguzyň we Berekediň ýöriteleşdirilen tikin kärhanalary hem mekdep okuwçylary üçin egin-eşiklerini öndürmek bilen meşgullanýarlar.
“Türkmen-Galkan” bilelikdäki kärhanasy adaty aýakgap, mokasin we ädikler ýaly çaga aýakgaplarynyň birnäçe görnüşlerini öndürýärler.
Ýurdumyzyň hususy işewürleri hem importyň ornuny tutýan ýokary hilli okuw esbaplarynyň önümçiligine goşantlaryny goşýarlar. Hususy pudagyň agzalary tarapyndan 12 sahypalyk okuwçy depderlerini, 24, 36, 48, 96 sahypalyk umumy depderleri, şeýle-de dürli derslere niýetlenen depderler we okuwçy gündelikleri hem-de A4 ölçegdäki ak kagyzlar öndürilýär. Şeýle hem, olar ýurdumyzyň dükanlaryny ruçkalar we beýleki zerur okuw esbaplary bilen üpjün edýärler.
Mundan başga-da, türkmen hususy mebel öndürijileri dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap mekdep partalary bilen ýurdumyzyň bilim edaralaryny üpjün edýärler.
Geçen ýyl Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky “Çeper” tikinçilik fabrigi we Lebap welaýatyndaky Türkmenabat tikin fabrigi mekdep ýantorbalaryny öndürip başladylar.
2020-2021-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň 1 müň 868 sany umumy bilim edarasynda 81 müňden gowrak mugallym 1 million 400 müňden gowrak okuwça bilim berdi.