Türkmenistan Owganystanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi
Türkmenistandan import edilýän harytlaryň takmynan 70%-i nebit-gaz toplumyna degişli bolup durýar.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan Owganystanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Bu barada Owganystanyň Milli statistika we maglumat dolandyryş gullugynyň (NSIA) maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) resmi saýtynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde Türkmenistandan import edilýän harytlaryň takmynan 70%-i nebit-gaz toplumyna degişli bolup durýar. Bu önümleriň jemi bahasy takmynan 64 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Hususan-da, şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistandan Owganystana takmynan 8 müň tonna A-80 kysymly we 45 müň tonnadan gowrak başga kysymlardaky awtomobil benzinleri, şeýle hem 40 müň tonna suwuklandyrylan gaz we 28 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjy getirildi.

Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryna gatnaşdylar.