ÝTÖB aýakgap öndürýän türkmen kompaniýasyna $4 million karz serişdesini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB aýakgap öndürýän türkmen kompaniýasyna $4 million karz serişdesini berýär
“Arassa Rysgal” kompaniýasy Türkmenistanda iri ýeňil aýakgap öndürijisidir. (Surat: CentralAsia.news)

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda “Gerçek” haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän “Arassa Rysgal” hususy kärhanasyna 4 million ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini gönükdirmegi makullady. Bu barada ÝTÖB-niň internet sahypasynda duşenbe güni habar berildi.

ÝTÖB-niň habar berşi ýaly, karz serişdeleri kompaniýanyň poliwinilhlorid öý aýakgaplarynyň, sport aýakgaplarynyň dürli görnüşlerini we polipropilen ýüplükleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça taslamasyna gönükdiriler.

Bankyň bellemegine görä, bu karz serişdeleri kompaniýanyň önümleriniň görnüşini diwersifikasiýalaşdyrmaga we dik integrasiýasyna goşant goşmaga kömek eder.

Kompaniýa öndüriljek polipropilen ýüplükleri aýakgap önümçiliginde ulanmaklygy we artykmaç galan bölegini satmagy meýilleşdirýär.

“Arassa Rysgal” kompaniýasy Türkmenistanda iri ýeňil aýakgap öndürijisi bolup, ýylda 6 million jübüt tomus aýakgaplaryny, 40 müňden gowrak rezin ädiklerini we 80 müň sport aýakgaplaryny öndürýär.

2022