Aşgabatda 10-11-nji awgust aralygynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) tarapyndan onlaýn seminar geçirildi. Suw hojalyk pudagynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara tejribeler seminaryň üns merkezinde boldy. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi çarşenbe güni habar berdi.
Bu seminara Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, ýurduň parlamentiniň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn çäräniň dowamynda şweýsariýaly we marokkoly iki sany halkara bilermen suw serişdelerini durnukly dolandyrmak üçin innowasion çözgütleri we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem seminarda suwaryş ulgamy, suw serişdelerini tygşytlamak, onuň elýeterliligi we üpjünçiligi ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.
“Howanyň üýtgemegi meselesiniň dünýä derejesinde näderejede möhümdigini we onuň suw serişdeleri çäkli bolan sebitlerde suw ýetmezçiligini nädip güýçlendirýändigini hemmämiz bilýäris. Şol sebäpli suw serişdeleriniň dolandyrylyşyny gowulandyrmak möhümdir, sebäbi bu öz gezeginde howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga we oňa uýgunlaşmaga gönükdirilen tagallalara goldaw berer” diýip, Aşgabatdaky ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy Williýam Lif seminarda aýtdy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi çäräni ýurtlaryň daşky gurşawy goramak ulgamyny we energiýa howpsuzlygyny berkitmek boýunça mümkinçiliklerini güýçlendirmek taslamasynyň çäginde gurnady.