Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde nobatdaky guýularyň gurluşygynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdarynyň ýylda 100 milliard kub metre ýetiriljekdigini belledi.
Milli Liderimiz duşenbe güni Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin dürli ugurlarda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Bu mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagy diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (“CNPC”) ähli işgärlerine täze guýularyň gurluşygyny amala aşyrandyklary we türkmen gazynyň Hytaýa iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Häzirki döwürde HHR-a türkmen gazynyň 40 milliard kub metri iberilýär we baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, mawy ýangyjyň 65 milliard kub metrini ibermegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu görkezijiniň aňrybaş çäk däldigini nygtady. Geljekde Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdarynyň 100 milliard kub metre ýetiriljekdigini milli Liderimiz sözüniň üstüne goşdy.
“Galkynyş” gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär. Bu gaz käninde täze guýularyň gurluşygy tamamlanandan soň her bir guýynyň akymy ortaça bir gije-gündizde üç million kub metr gaza deň bolmagyna garaşylýar.