“Türkmenistanda oba hojalygy boýunça maslahat beriş hyzmatlary baradaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň konsepsiýasyny maslahatlaşmak üçin wideoragatnaşyk ulgamy arkaly tegelek stol gepleşigi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Habara görä, bu tegelek stol söhbetdeşligi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde guraldy.
Onlaýn gepleşige Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar “Türkmenistanda oba hojalygy boýunça maslahat beriş hyzmatlary baradaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bilen tanyşdylar hem-de oba hojalygy boýunça maslahat beriş ulgamynda hereket edýän agro-maglumat beriş merkezleriniň, döwlet edaralarynyň we guramalaryň mundan beýläkki işleri üçin öňe sürlen tekliplere garadylar.
Bu kanunyň taslamasynyň işlenip düzülmegi institusional üýtgetmeler arkaly howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin çäreleri girizmegi öz içine alýan berk hukuk binýadyny döretmek arkaly ýurdumyzyň Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi üçin institusional gurşawy döretmäge gönükdirilendir.
BMGÖM bilen Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek” atly bilelikdäki taslamasy 2016-njy ýylda ýola goýuldy. Bu taslama Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň durnukly ösüşi üçin uýgunlaşma çäreleriniň durmuşa geçirilmegini goldamagy maksat edinýär.