Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda miwe şirelerini we süýt önümlerini öndürmekde öňdebaryjy “Parahat” hususy kärhanasyna 2 million 500 müň ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini berýär. Bu barada ÝTÖB sişenbe güni habar berdi.
ÝTÖB-niň bellemegine görä, maliýe serişdeler kompaniýa dolanyşykda gerek bolan maýa zerurlyklaryny doldurmaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümleriň görnüşlerini giňeltmäge we olaryň goňşy bazarlara eksportyny artdyrmaga ýardam eder.
Gurnaljak enjamlar kompaniýa alkogolsyz içgileri öndürmekde ulanylýan aýna gaplary gaýtadan ulanmak arkaly çykdajylary tygşytlamaga kömek eder. Täze gaplaýyş enjamlary kärhananyň alyjylaryna nusga hökmünde iberilýän önümleriniň ýaramlylyk möhletini artdyrar, olaryň daşalmak mümkinçiligini ýokarlandyrar hem-de gök önüm we miwe konsentratlarynyň eksportyny artdyrmaga ýardam berer diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle hem Ýewropa bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa üçin maýa goýum gaznasy “Parahat” hususy kärhanasyna ISO 22000:2005 standartlaryny, ýagny “Azyk önümleriniň howpsuzlygy pudagyndaky dolandyryş ulgamyny” doly özleşdirmäge mümkinçilik berýän grant goldawyny berdi.
“Parahat” hususy kärhanasy “Eçil” we “Joş” miwe şireleriniň, “Özi” gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň, “Süýtli Dere” süýt önümleriniň, “Han Çaý” sowuk çaýlarynyň we “Ýeserje” çaga püreleriniň öndürijisi hökmünde ýurdumyzda giňden tanalýar.
ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 80-den gowrak taslama 293 million ýewro maýa goýdy.