“Network Project Lojistik A.Ş” Özbegistandaky gurluşyklara ýükleri Türkmenistandan üstaşyr daşaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Network Project Lojistik A.Ş” Özbegistandaky gurluşyklara ýükleri Türkmenistandan üstaşyr daşaýar
“Network Project Lojistik A.Ş” Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hem birnäçe ýyl bäri hyzmatdaşlyk saklaýar.

Türkiýäniň “Network Project Lojistik A.Ş” kompaniýasy Özbegistanda amala aşyrylýan birnäçe gurluşyklaryň ýüklerini, esasanda, ölçegleri we agyrlygy adatdakylardan tapawutly bolan taslama ýüklerini Türkmenistandan üstaşyr daşaýar.

“Network Project Lojistik A.Ş” tejribeli hünärmenleri bilen Ýewropa–Türkiýe– Orta Aziýa ugry boýunça “Sal kasa” we “Low-bed” görnüşli ulaglary hem-de adaty tirkegleri arkaly göwrümi we agyrlygy adatdan uly bolan ýükleri, enjamlary, adaty ýükleri daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Kompaniýa hususanda, gurluşyk pudagynda ýörite enjamlar arkaly daşalýan ölçegleri we agramlary adatdakylardan ýokary bolan taslama ýüklerini daşamakda baý tejribä eýedir.

“Network Project Lojistik A.Ş” Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hem birnäçe ýyl bäri hyzmatdaşlyk saklaýar. Kompaniýanyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän wekilhanasy türkmen telekeçilerine import-eksport amallarynda dünýäniň islendik ýurtlaryndan ýükleri getirmekde we ibermekde ýakyndan ýardam berýär.

Kompaniýa häzirki wagtda Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze administratiw merkezindäki birnäçe binalara, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurulýan dokma toplumyna daşary ýurtlardan getirilýän ýükleri daşamaga işjeň gatnaşýar. Şeýle-de ýakynda gurlup ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň gurluşygynyň dowamynda ýükleriň we enjamlaryň daşalmagy bu kompaniýa tarapyndan gurnaldy.

“Network Project Lojistik A.Ş” konteýnerler arkaly multimodal we intermodal ýük daşamagy hem amala aşyrýar. Adaty konteýnerler bilen bir hatarda müşderilere taslamalara görä ýörite üsti açyk, gapdaly açyk we sowadyjyly konteýnerler hem hödürlenýär.

Logistika pudagynda çözgütleri bilen tapawutlanýan “Network Project Lojistik A.Ş” Türkiýäniň iri gurluşyk kompaniýalarynyň ýüklerini Ýewropa, Orta Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogara we Amerika daşalmagyny gurnamaga dowam edýär.

Kompaniýa gury ýer transport ulaglary arkaly 50-den gowrak ýurda ulag hyzmatlaryny amala aşyrýar.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: +993 65 54 90 18

+90 216 573 20 20

Email: dowlet.yakubow@networkproje.com

Web.: www.networkproje.com

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022