Türkmen telekeçileri üçin täze “John Deere” tehnikalary gelip gowuşdy

Türkmen telekeçileri üçin täze “John Deere” tehnikalary gelip gowuşdy
Täze traktorlaryň we enjamlaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Aşgabatda medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda çäre gurnaldy.

Türkmenistanyň hususy oba hojalyk öndürijileri üçin “John Deere” amerikan kompaniýasynyň traktorlarynyň we enjamlarynyň ýene bir tapgyry gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze tehnikalar telekeçiler üçin ýurdumyza tapgyrlaýyn getirilýän iri tapgyryň bir bölegidir. Işewürler bank karzy arkaly amerikan kompaniýasynyň tehnikasyny satyn alyp bilýärler.

Täze traktorlaryň we enjamlaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Aşgabatda medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda çäre gurnaldy.

Häzirki wagtda “John Deere” maşynlarynyň müňlerçesi ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýar we olar uzak wagtlap maşyn operatorlarynyň ynamlaryny gazandylar diýip, habarda bellenilýär.

“John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasy häzirki wagtda alyjylara ýokary tehnologiýaly tehniklary üpjün etmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek işlerini güýçli depginde alyp barýar. Geçen ýylyň oktýabrynda şertnama güýje girenden bäri, türkmen telekeçilerine eýýäm bahasy 25 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan tehnikalar gowşuryldy. Kompaniýa şertnama boýunça tehnikalaryň galan bölegini hem Türkmenistana ibermek işlerini alyp barýar.