Türkmenistanda ýanwar – awgust aýlarynda önümçiligiň mukdary 5,5% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýanwar – awgust aýlarynda önümçiligiň mukdary 5,5% artdy
Şu ýylyň sekiz aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% artdy.

Şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda önümçiligiň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,5% ýokarlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň anna güni geçiren mejlisiniň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu ýylyň sekiz aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17%, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6% artandygyny aýtdy. Şeýle hem, hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5%, çykdajy bölegi bolsa 97,5% deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,5% köpeldi.

Mundan başga-da, oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 102-siniň, şol sanda suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, meýdany 129,1 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 1 milliard 449,1 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem wise-premýer Ýokary gözegçilik edarasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýulyndaky degişli Kararyna laýyklykda, ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklaýandygy barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 6-njy sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 50-den gowragy ulanylmaga berildi. Şu aýyň dowamynda ýene-de 4 sany bina ulanylmaga berler. Olaryň hatarynda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgäh, ýerasty geçelgeler bar. Döwlet münberiniň toplumy, paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinde hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10% köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022