Türkmenistanda eksportyň möçberi 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 12,1% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda eksportyň möçberi 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 12,1% artdy
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksportyň tutýan paýy 60%, importyňky bolsa 40% barabar boldy.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda eksportyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksportyň tutýan paýy 60%, importyňky bolsa 40% barabar boldy.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak maksady bilen, esasy hyzmatdaş ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda öýleri Russiýa Federasiýasynda, Belarus, Türkiýe, Gyrgyz Respublikalarynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki ýurtlarda hereket edýär. 

Şeýle hem, ýurdumyzyň harytlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda her gün geçirilýän söwdalarda ýerlenilýär. Eksporta niýetlenen önümlerimizi mahabatlandyrmak, täze hyzmatdaşlary tapyp, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzda halkara sergiler guralýar, wirtual sergiler hereket edýär, işewürler maslahatlary, ykdysady forumlar yzygiderli geçirilýär diýip, habarda bellenilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 80-den gowrak döwleti bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar.

2022