Türkmenistanda buýandan täze derman öndürilip başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda buýandan täze derman öndürilip başlandy
Gerdejikden peýdalanylmazdan öň lukman bilen maslahatlaşmaly.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasy şu ýyl buýan kökünden gerdejik görnüşli täze dermany önümçilige girizdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habara görä, buýan köki ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mal bolup, ol C witaminine we efir ýagyna baýdyr. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40% artykdyr.

Ilaty we bejeriş edaralaryny ýokary hilli derman serişdeleri bilen üznüksiz üpjün etmegi maksat edinip, “Türkmendermansenagat” birleşigi daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistan bilen Germaniýanyň Essen uniwersitetiniň barlaghanasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmegiň tejribesi barha kämilleşdirilýär. Netijede, ondan taýýarlanylan täze dermanlyk serişde önümçilige girizildi.

Şeýle-de habarda buýanyň keselleri bejermekde, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsirleri bardygy bellenilýär. Lukmançylykda buýan köki sowuklama garşy, böwrek daş kesellerinde, immun ulgamyny berkitmekde giňden peýdalanylýar.

Mundan başga-da ýurdumyzda buýan köküniň toşaby, süýri dänesi, melhem çaýlary öndürilýär.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasy häzirki wagtda 150-ä golaý derman serişdelerini öndürýär.

2022