Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Muhammet Amanowyň ýolbaşçylyk edýän “Bars” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasy şu ýyl täze “Garagum” konditer glazuri bilen örtülen pisseli süýjiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Habara görä, “Bars” haryt nyşanly süýji we konditer önümleriniň görnüşleri häzirki günde 50-den geçip, olar ýurdumyzyň ähli söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär.
Şeýle-de kärhanada öndürilýän “Bars”, “Ýyldyz”, “Kümüş”, “Keýik” we “Kerwen” atly süýjüler halkymyzyň arasynda uly islege eýedir.
Kärhanada ýylda 6 müň tonnadan gowrak konditer önümleri öndürilýär. Bu ýerde işler awtomatik usulda alnyp barylýar we önümiň hili ýörite enjamlar arkaly degişli hünärmenler tarapyndan barlanylýar. Häzirki wagtda kompaniýada 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhana konditer önümlerini goňşy döwletlere hem eksport edýär. Mundan başga-da, kärhana daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barýar.