Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky S.A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinaty şu ýylyň awgustynda “MEŞHURAÝ” haryt nyşany bilen täze harytlaryň önümçiligini ýola goýdy.
S.A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda “MEŞHURAÝ” haryt nyşany astynda bu ýerde jorap, dokma we sintepon önümleri öndürilýär.
Habara görä, nah mata kombinatynda erkeklere, zenanlara, çagalara, ýetginjek oglan-gyzlara, lukmanlara we harby gullukçylara niýetlenilen joraplaryň 30 golaý görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde bir günde joraplaryň 10 müňden gowrak jübüti taýýarlanylýar.
Şeýle hem bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda dokma önümleriniň biz we gaplama görnüşiniň 20 müň metrden gowragy öndürilýär.
S.A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinaty “MEŞHURAÝ” haryt nyşanly sintepon önümlerini, şol sanda ýassyklary, düşekçeleri, çaga dolaglary we ýorganlary hem öndürýär. Kombinatyň täze önümleri ýurdumyzyň dokma senagatynyň dükanlarynda ilata hödürlenilýär.