Türkmenistanda telekeçilik işiniň hukuk binýady giňeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçilik işiniň hukuk binýady giňeldilýär
Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär diýip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň VІI bölüminiň 134-nji maddasynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul eden Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň mazmunyna “Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy” atly täze VІI bölüm girizildi.

Bölümde jemi 6 sany, ýagny 134-139 maddalary görkezilip, olar gönüden-göni ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär diýip, bölümiň 134-nji maddasynda bellenilýär.

Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly maglumatlar Türkmenistanyň şu aşakdaky kanunlarynda göz öňünde tutulandyr:

  • Raýat kodeksi;
  • Zähmet kodeksi:
  • Salgytlar hakyndaky;
  • Gümrük kodeksi;
  • Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet goldawy hakynda;
  • Telekeçilik işleri hakynda;
  • Kärhanalar hakynda;
  • Paýdarlar jemgyýeti hakynda;
  • Eýeçilik hakynda;
  • Erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary hakynda;
  • Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda;
  • Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda;
  • Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirmek barada;
  • Täjirçilik syry hakynda;
  • Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary hakynda;

we beýleki Türkmenistanyň kanunlarynda hem bellenip bilner.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Gümrük, Zähmet kodekslerine we Salgytlar hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we beyleki kanunlary

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022