Aşgabatda oba hojalyk pudagynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda oba hojalyk pudagynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçiriler
Şol gün sergi bilen bir hatarda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça ylmy-amaly maslahaty geçiriler.

Hasyl baýramy mynasybetli ýekşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi geçiriler. Sergi boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly nobatdaky geçirilen ýygnakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer şol gün sergi bilen bir hatarda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça ylmy-amaly maslahatyň geçiriljekdigi barada habar berdi.

Mundan başga-da, Orazgeldiýew Hasyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň dowamynda has tapawutlanan kärendeçilere döwlet sylaglary, pudagyň işgärlerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlaryň gowşuryljadygyny we baýramçylyk konsertiniň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanda Hasyl baýramy her ýyl pagta ýygymy möwsüminiň tamamlananyndan soňra bellenilýär. Şu ýyl türkmen kärendeçileri pagtanyň 1 million 250 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar.