Türkmenistan 2021-nji ýylyň maý-iýun aýlary aralygynda Russiýa 507 tonna irki almany eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% ýokarydyr. Bu barada “EastFruit” analitiki platformasy duşenbe güni habar berdi.
Platformanyň maglumatyna görä, Özbegistan, Täjigistan we Eýran hem Russiýa tomus möwsüminde alma eksport eden esasy ýurtlaryň sanawynda ýer alýar.
Özbegistan bu döwürde 1 müň 600 tonna irki almany Russiýa bazaryna ugratdy. Bu ýagdaý 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç esse azdyr.
Täjigistan öz gezeginde ýurtda miwe öndürilişiniň ösmegi we intensiw we ýarym intensiw alma baglaryndaky ýerleriň işjeň giňelmegi sebäpli ilkinji gezek Russiýa 100 tonnadan gowrak irki almany (116 tonna) eksport etmegi başardy. Eksportyň mukdary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 26% ýokarlandy.
Rus bazaryny iň köp alma bilen üpjün eden Eýran degişli döwürde irki alma bilen bir hatarda ammarlaryndan 2020-nji ýylyň hasylynyň gyş görnüşlerini hem eksport etdi. 2021-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli Eýran Russiýa alma eksportyny 3 esse artdyryp, 6 müň 900 tonna çenli ýokarlandyrdy.
Türkmenistan 2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda ýyladyşhanada ösdürilen pomidorlaryň 32 müň tonnasyny Russiýa eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 92% köpdür.