Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly “Tatneft”-iň desgalaryna aýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly “Tatneft”-iň desgalaryna aýlandy
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň “Tatneft” kompaniýasynyň baş müdiri Nail Maganow bilen duşuşygy, Almetýewsk, Tatarystan, Russiýa (Surat: Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy)

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow çarşenbe güni Tatarystan Respublikasynyň Almetýewsk şäherindäki “Tatneft” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň desgalaryna aýlandy. Saparyň dowamynda kompaniýanyň baş müdiri Nail Maganow bilen hem duşuşyk geçirildi.

“Tatneft”-iň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Baş konsul kompaniýanyň Modeller merkeziniň işi hem-de nebit ýataklary üçin geologiki we gidrodinamiki modelleri döretmekdäki mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Duşuşygyň barşynda Baýramow bilen Maganow “Tatneft” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň ýataklarynda nebit önümçiliginiň iki esse artmagyna mümkinçilik berýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, Almetiýewsk Döwlet nebit institutynda (AGNI) geologiki we gidrodinamiki modellemek boýunça magistr programmasy boýunça Türkmenistandan gelen talyplary taýýarlamak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Baş konsullygynyň metbugat gullugynyň habar berşine görä, şol günüň dowamynda A.Baýramow AGNI-nyň Birinji prorektory Ýuriý Wasilenko hem-de bu uniwersitetde okaýan Türkmenistanyň talyplary bilen duşuşdy. Baş konsul talyplary sport, medeni we uniwersitetiň teoretiki hem-de amaly endikleri ösdürmäge gönükdirilen çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Goturdepe ýatagynda nebit we gaz öndürmek boýunça “Tatneft” kompaniýasy bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasyndaky hyzmatdaşlyk 10 ýyldan bäri dowam edip gelýär. Hyzmat şertnamasynyň çäginde kompaniýanyň hünärmenleri Goturdepe ýatagynyň guýularynda nebitiň çykarylyşyny ýokarlandyrmak üçin önümçilik maksatnamasyny durmuşa geçirýärler.

Bellenilişi ýaly, amala aşyrylan geologiki we tehniki işleriň netijesinde ýatakda nebitiň önümçiliginiň 18% ýokarlanmagy gazanyldy. Noýabr aýynyň başyna çenli 197 guýyda geçirilen geologiki we tehniki işler goşmaça 400 müň tonnadan gowrak nebit öndürmäge we 700-den gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berdi.

2022