Aşgabatda “Erkin” atly täze, döwrebap seýilgäh açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Erkin” atly täze, döwrebap seýilgäh açyldy
“Erkin” atly täze, döwrebap seýilgähiň umumy eýeleýän meýdany 16,97 gektara barabardyr.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde anna güni “Erkin” atly täze, döwrebap seýilgähiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, seýilgähiň açylmagy mynasybetli dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Şäheriň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlan seýilgäh A.Nyýazow şaýoly we Amyderýa köçeleri bilen Hoja Ahmet Ýasawy we B.Hudaýnazarow köçeleriniň aralygynda ýerleşdirildi. Onuň umumy eýeleýän meýdany 16,97 gektara barabardyr.

Bu ýerde dynç almak üçin niýetlenen ýerler özboluşly yşyklandyryş ulgamy, pyýada we welosiped ýodalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Welosiped sürüjiler üçin seýilgäh zolagynyň daşynda-da ýörite ýoda guruldy. Uly awtoduralganyň iki tarapynda hem welosipedleri goýmak üçin ýörite ýerler göz öňünde tutuldy.

Şol günüň dowamynda “Erkin” seýilgähiň golaýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpugurly işewür merkezli “Garagum” oteliň açylyş dabarasy geçirildi.