Türkmen kärhanasy sekiz milliondan gowrak jübüt aýakgaplary öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kärhanasy sekiz milliondan gowrak jübüt aýakgaplary öndürdi
Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 19,5 million jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Gerçek” haryt nyşanly aýakgap öndürýän kärhana öz önümçiligini artdyrdy. Şeýlelik bilen, kärhanada sekiz million jübütden gowrak aýakgap öndürilip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 30% ýokarlandy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşi ýaly, kärhana sintetiki we ekologiýa taýdan arassa materiallardan ýasalýan açyk we ýapyk görnüşli aýakgaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Häzirki wagtda bu kompaniýa ähli möwsümlerde geýilýän 650-den gowrak görnüşli aýakgap önümleriniň dürli görnüşlerini, ýagny  çagalar, erkekler we aýallar üçin tapoçkolary, sport we rezin aýakgaplarynyň önümçiligini özleşdirdi. Mundan başga-da, bu ýerde mekdep torbalary we başgada birnäçe egin-eşikler taýýarlanylýar.

Önümçilikde çig mal hökmünde emeli deri, dürli reňkli ýüplükler, poliuretan, poliwinil hloridi ulanylýar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 19,5 million jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýada ýedi sany ussahana hereket edýär. Ýaňy-ýakynda bu ýerde zenan aýakgaplarynyň dizaýny üçin şaý-sepleri we keşdeleri öndürmek üçin täze bölüm peýda boldy. Mundan başga-da, kärhanada indiki ýylyň başynda ýene üç sany täze aýakgaplaryň görnüşlerini ýola goýmak we olaryň 100-den 150-ä çenli jübüt sany öndürmek meýilleşdirilýär.

“Gerçek” haryt nyşanly aýakgap öndürýän kärhana 2015-nji ýylda esaslandyryldy. Bu ýerde 500-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýanyň önümleriniň diňe ýerli bazarda däl, eýsem Gyrgyzystan we Owganystan ýaly ýurtlara eksport edilýär. Mundan başga-da, kompaniýa häzirki wagtda Gazagystana eksport etmek boýunça gepleşik geçirýär.

2022