Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyl üçin ykdysady çökgünlige garşy maksatnamany tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyl üçin ykdysady çökgünlige garşy maksatnamany tassyklady
Bu baradaky Karara anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekildi.

Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra süýşürmäge ygtyýar berildi.

2022