“Belet” 10 müňe golaý filmi IPTV ulanyjylara elýeterli etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Belet” 10 müňe golaý filmi IPTV ulanyjylara elýeterli etdi
“Belet Film” platformasy 10 müňe golaý filmlerdir-seriallary hem-de multfilmleri özünde jemleýär.

2021-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, “Belet Film” hyzmaty IPTV ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Bu barada “Belet Film” hyzmatynyň saýtynda habar berilýär.

Bu hyzmat ozal diňe “Türkmentelekom” kärhanasynyň abonentleri üçin elýeterdi.

IPTV ulanyjylar AŞTU kärhanasynyň bölümlerinde bu hyzmaty birikdirip bilerler. Bu hyzmata birikmek üçin programmany gurnamak mümkinçiligi bolan "Android" telewizorlaryň ýa-da "Android" enjamlaryň (wersiýasy Android 5.1 ýa-da ýokary) bolmagy zerurdyr.

“JAN Tehnologiýa” hojalyk jemgyýetiniň “Belet Film” hyzmaty filmleriň, teleseriýallaryň, multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn-kinoteatrdyr.

Bellenilişi ýaly, abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manatdyr. “Belet Film” hyzmatynyň abunalygy birlikde ýa-da tutuş maşgala bilen ulanylyp bilner.

Hyzmat "Android" we iOS platformalarynda hem elýeterlidir. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan. Şeýle hem, müşderiler halan filmlerini we seriallaryny mobil enjamlara ýükläp alyp bilerler.

“Belet Film” platformasy 10 müňe golaý filmlerdir-seriallary hem-de multfilmleri özünde jemleýär. Platfroma her gün täze kontentler bilen doldurylýar.

Sorag ýüze çykan ýagdaýlarynda tehniki goldaw merkezine +993(61)392241, +993(12)750208 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bolar.

2022