Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesi

Nurmyrat Mommaýew
Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesi
Türkmenistan baky Bitaraplyk derejesini almak bilen möhüm üstünlikler gazandy. (Surat: TASS)

Türkmenistanyň daşary syýasaty hemişe Bitaraplyk ýörelgesiniň çäginde alnyp baryldy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Bitaraplyk ýörelgesi Türkmenistanyň daşary syýasatynda berk ornaşdyryldy. Netijede, Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak üçin syýasy strategiýa işlenip düzüldi we baky Bitaraplyk derejesini alan döwrüne çenli daşary syýasatda bu ugurda tagallalar edildi.

Aşgabady halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwüren baky Bitaraplyk derejesi halkara guramalarda hem-de döwletara gatnaşyklarda Türkmenistanyň geosyýasy, abraýly we ygtybarly döwlet hökmünde ornuny has hem pugtalandyrdy.

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyny “tassyklaýan”, “güýçlendirýän” we “kepillendirýän” ädimler Aşgabadyň alyp barýan syýasatynyň bütin dünýäde kabul edilendigini we goldanýandygyny subut edýär. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň 2007-nji ýylda Aşgabatda “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezi” açmak boýunça çözgüdi, 2015-nji ýylda “Türkmenistanyň baky Bitaraplygy” ady bilen ikinji Karara gol çekilmegi we 2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk Güni hökmünde bellenilmegi Aşgabadyň global derejede parahatçylygyň merkezine öwrüljekdiginiň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan baky Bitaraplyk derejesini almak bilen möhüm üstünlikler gazandy. Bu üstünlikler gysgaça şulardan ybaratdyr:

  1. Baky Bitaraplyk derejesini almak bilen Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda howpsuzlygy we durnuklylygy görkezmek bolar. Aziýanyň ýüregi hökmünde garalýan Aşgabat, esasanam dünýäde gapma-garşylyklaryň köpelýän döwründe adamzat üçin iň peýdaly çözgüdi, ýagny parahatçylygy hödürleýär.
  2. Baky Bitaraplyk derejesini gazanan Türkmenistanyň artykmaç ýaraglanmaga zerurlygy ýok. Çeşmelerini ýurduň ösüşine gönükdirdi.
  3. Bir döwletde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi daşary ýurt maýa goýumlary üçin iň möhüm faktordygy sebäpli, baky Bitaraplyk syýasaty netijesinde Türkmenistana köp mukdarda daşary ýurt maýa goýumlary çekildi.
  4. Islendik wagtda Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlardan ykdysady we tehniki kömek soramaga hukugy bardyr.
  5. Esasanam geçiş döwründe ýurda we jemgyýete özüne bolan ynamy gazanmakda möhüm psihologiki goşant goşdy.
  6. Ýurduň sebitdäki abraýyny has hem göterdi.

Ykdysady taýdan baky Bitaraplyk derejesi maýa goýujylara Türkmenistana durnukly, maýa goýmak üçin ynamdar ýurt hökmünde garamaklaryna hem-de maýa goýumlaryny goýmaklaryna itergi berdi. Syýasy taýdan, Türkmenistan BMG-niň döredilmeginiň sebäbi bolan howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda BMG bilen bir hatarda syýasat alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan BMG-niň syýasatlarynyň üstüni ýetirýän we goldaw berýän syýasatlary amala aşyrýar we global parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalary edýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty