Aşgabatda eksport mümkinçiligini durmuşa geçirmek boýunça halkara konferensiýa geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda eksport mümkinçiligini durmuşa geçirmek boýunça halkara konferensiýa geçirildi
Foruma ýurdumyzyň iri döwlet kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem TSTB-nyň agzalary gatnaşdylar.

Penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ýurduň eksport mümkinçiligini durmuşa geçirmäge bagyşlanan gibrid formatda halkara konferensiýa geçirildi.

Foruma ýurdumyzyň iri döwlet kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem eksporta gönükdirilen önüm öndürmek bilen meşgullanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary gatnaşdylar. Sanly ulgam arkaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly wekiller hem gatnaşdylar. Bu barada TSTB habar berdi.

Konferensiýanyň dowamynda Türkmenistan häzirki wagtda 80-den gowrak döwlet bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýandygy, şeýle hem, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň eksportynyň daşary söwda dolanyşygyndaky paýy 58,6%-e barabar bolandygy hem-de 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen önümleriň eksporty 29,1% ýokarlanandygy bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy boýunça anyk strategiýa işlenilip düzüldi. BSG-na agzalygyň ýurdumyzyň döwlet kärhanalary we hususy pudagy üçin esasy daşary ýurt bazarlaryna girmekde ýeňillikleriň döremegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) işini doly sanlylaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň islendik ýerinden TDHÇMB söwdalaryna gatnaşmaga mümkinçilik döreder.

Konferensiýanyň netijesinde, dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlara esaslanyp, türkmen önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak üçin anyk teklipleri we strategiýalary işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022