Türkmenistan we Hindistan energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hindistan energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar şenbe güni Nýu-Delide geçirilen duşuşygyň dowamynda energetika pudagyny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm düzümi hökmünde bellediler.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygiderli depginini nygtadylar.

Energetika pudagyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp bölegi hökmünde belläp, ministrler Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki hereketler barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň resmileriniň duşuşygy “Merkezi Aziýa – Hindistan” Dialogynyň 3-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi.