Nýu-Delide “Hindistan-Merkezi Aziýa” Dialogynyň üçünji duşuşygy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nýu-Delide “Hindistan-Merkezi Aziýa” Dialogynyň üçünji duşuşygy geçirildi
Mejlise Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýekşenbe güni Nýu-Deli şäherinde “Hindistan – Merkezi Aziýa” Dialogynyň 3-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlise Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we özara gyzyklanma bildirilýän dürli sebit hem-de halkara meseleleri babatynda pikirleriň alyşylmagy üçin netijeli platforma hökmünde çykyş edýän Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialogyň ähmiýetine ýokary baha berildi. Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şeýle formatynyň sebitleýin parahatçylyga, howpsuzlyga, durnuklylyga, yzygiderli ykdysady ösüşe, şonuň ýaly-da sebit derejesindäki abadançylyga itergi berýändigi nygtalyp geçildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullygy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Merkezi Aziýa döwletleriniň Hindistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara hereketleriniň sazlaşykly ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem, ministr ilkinji nobatda farmasewtika, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, energetika, dokma senagaty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Ministrler Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alyşdylar we ýurduň parahatçylykly, howpsuz hem-de durnukly ösüşini goldaýandyklaryny nygtamak bilen, bu ugurda onuň özbaşdaklygyna, jebisligine we territorial bitewüligine hem-de döwletiň içerki işlerine gatyşylmazlygyna hormat goýýandyklaryny belläp geçdiler.

“Hindistan – Merkezi Aziýa” Dialogynyň ikinji duşuşygy geçen ýylyň oktýabr aýynda sanly ulgam arkaly geçirilipdi.