Körpeje müdirligi 2,5 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Körpeje müdirligi 2,5 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykardy
Müdirlik Körpeje, Çekiçli, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan tebigy gazyň çykarylyşyny, taýýarlygyny we sarp edijileri iberilmegini amala aşyrýar.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirligi boýunça geçen ýylyň 11 aýynda hereket edýän guýulardan “mawy ýangyjyň” çykarylyşy 2 milliard 531 million kubmetre barabar boldy.

Müdirlik tebigy gazyň çykaryş meýilnamasyny 165% ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti anna güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň umumy möçberiniň üçden iki bölegi Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň paýyna düşýär. Müdirlik Körpeje, Çekiçli, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan tebigy gazyň çykarylyşyny, taýýarlygyny we sarp edijileri iberilmegini amala aşyrýar.

Häzirki wagtda Körpeje ýatagynda kyrkdan gowrak, Çekişlerde ýigrimi alty, Altyguýuda bolsa bäş sany guýy hereket edýär. Ýylyň başyndan bäri 11 sany guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, bu bolsa, öz gezeginde “mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň artmagyna ýardam etdi.