Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler
Türkmenistanda iki palataly parlamente geçmek karary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň dowamynda fewral aýynyň başynda ýurdumyzyň iki palataly parlamenti bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy.

“Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmeli we ony tassyklamaly diýip, Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nobatdan daşary mejlisi geçirmek bilen bagly ähli işleri umumy utgaşdyrmagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewe tabşyrdy.

Şeýle-de Milli Liderimiz Hökümetiň ähli agzalaryna Halk Maslahatynyň bu mejlisine ýokary taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda iki palataly parlamente geçmek karary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edildi. Täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary 28-nji martda geçirildi.

Geçen ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022