Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdyň täze iki palataly parlamenti bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, çarşenbe güni Aşgabatda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakynda teklip beýan edildi.
56 sany agzanyň arasynda gizlin geçirilen ses bermäniň esasynda Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine biragyzdan saýlanyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, olara bildiren ýokary ynamy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilýän guramaçylyk döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny şol bir wagtda amala aşyrmaga aýratyn hukugy berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanda iki palataly parlamente geçmek karary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edildi. Täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary 28-nji martda geçirildi.