Türkmenistanda Halk Maslahatynyň agzalary saýlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň agzalary saýlanyldy
Saýlawlara welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalarynyň 98,7%-i gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi.

Geçirilen saýlawlar ozalky saýlawlardan tapawutlanyp, olar ýurdumyzda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbygaty habar berdi.

Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy, ýagny dalaşgärleriň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.

Habarda bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bäsleşik esasynda geçirilip, ýurdumyz boýunça Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärleriň 112-si 48 mandat üçin bäsleşdiler, munuň özi bir ýer üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini aňladýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam – her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.

Şeýle hem, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27%-ni zenanlar düzýär.

Saýlawlara welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalarynyň 98,7%-i gatnaşdylar.

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda ýurdumyzda iki palataly täze parlamentiň döredilmegini göz öňünde tutýan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekildi.