Halk Maslahatyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halk Maslahatyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler
Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda ýurdumyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. (Surat: “NewsCentralAsia”)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäheri bilen ýurdumyzyň bäş welaýatlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçiriler. Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni gol çekdi.

Karara laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda ýurdumyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlis Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde hem-de Ahal welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda fewral aýynyň başynda ýurdumyzyň iki palataly parlamenti bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini aýdypdy. Şeýle-de ony geçirmek bilen bagly ähli işleri umumy utgaşdyrmagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewe tabşyrypdy.

Türkmenistanda iki palataly parlamente geçmek karary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edildi. Täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçirildi.

Geçen ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň täze iki palataly parlamenti bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022