Takmynan altmyş ýyl mundan ozal aýa syýahat etmek tehnologiýasyny işläp düzen adamzat endikleriniň köpüsini 2019-njy ýylyň ahyrynda ýüze çykan täze wirus bilen baglanyşykda üýtgetmeli boldy. Pandemiýa sanly dünýädäki üýtgeşmelere düýpgöter täsir edip, bu ugurdaky ikirjiňlenmeleri çalt aradan aýyrdy. Ofis çykdajylaryny azaltmak isleýän, ýöne muňa töwekgelçilik edip bilmeýän kompaniýalar öýde işlemegiň çykdajylaryň azaldýandygyny we iş netijeliliginde oňyn üýtgeşmeleriň bardygyny görüp, öz işgärlerini öýde işlemekleri üçin höweslendirip başladylar. Öň ýüzbe-ýüz görnüşinde geçirilýän duşuşyklar sanly ulgam arkaly geçirilip başlandy. Bank tölegleri hem uzakdan galtaşyksyz töleg usullary arkaly amala aşyrlyp başlandy. Başga bir söz bilen aýdylanda, adamlar birnäçe ýyl ozalkylardan tapawutlylykda indi başgaça aragatnaşyk edýärler, başgaça bilim alýarlar we işlerini başgaça usullarda alyp barýarlar. COVID-19 pandemiýasy we ondan soňky döwürde ykdysady işleriň özgermeginde hem-de ýaşyl ykdysadyýete geçmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr.
Sanly ykdysadyýet durmuşyň ähli ugurlarynda diýen ýaly toplanan sanly maglumatlary ýygnamak, derňemek we ulanmak bilen ösmegini dowam etdirýär. “Üýtgeşmäniň açary: Sanlylaşdyrma we ýaşyl tehnologiýalar” hasabatynda aýdylyşy ýaly, täze sanly tehnologiýalar ösüp gelýän ýurtlar üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Sanly ykdysadyýet bazarynyň 2025-nji ýyla çenli 3,2 trillion ABŞ dollaryna ýetjekdigi çaklanylýar. Zatlaryň interneti, robot enjamlary, gün paneli esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa we emeli intellekt ýaly ugurlary öz içine alýan bu tehnologiýalaryň durmuşa geçirilmegi, täze önümleriň hem-de hyzmatlaryň döredilmegi bilen ýakyn geljekde ösüp gelýän ýurtlaryň peýdasyna bäsdeşlik artykmaçlygyny döredip biler.
Robot tehnologiýalary häzirki wagtda esasan awtoulag we elektronika ýaly ugurlarda ulanylýar. Mundan başga-da, dokma pudagy ýaly käbir pudaklar häzirki döwürde hem el zähmedini talap edýär we geljekde halkara bäsdeşlige ukyplylyk üçin bu pudaklarda sanlylaşdyrmagyň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Öňümizdäki ýyllarda robotlaryň netijelilik we çydamlylyk taýdan kämilleşmegine, bahalarynyň bolsa peselmegine garaşylýar. Emeli intellekt we awtomatlaşdyryş ýaly sanly tehnologiýalar ösüp gelýän ýurtlar üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär.
Gelejegiň tehnologiýalarynyň esasyny düzýän maglumat merkezlerine, sanly hyzmatlara we bulut hasaplaýyş hyzmatlaryna bolan islegiň artjakdygy çaklanylýar. Şol bir wagtyň özünde, bu sanly üýtgeşmeler energiýadaky üýtgeşmeler bilen utgaşykly bolmalydyr.
Ýewropa Bileleşigi 2027-nji ýyla çenli dünýäde infrastruktura taslamalary üçin 300 milliard ýewro barabar bolan (340 milliard ABŞ dollary) maýa goýmagy hem-de bu maýa goýumlary sanly ulgam, howa we energiýa, ulag, saglyk, bilim hem-de gözleg işlerine gönükdirmegi göz öňünde tutýar.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty