Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) global howanyň temperaturasynyň 1,5°C-den ýokary geçmezligini çäklendirmek boýunça syýasatyň kabul edilen ýagdaýynda, 2050-nji ýyla çenli pes uglerodly wodorodyň energiýa sarp edilişiniň 12%-ni üpjün edip biljekdigini çaklaýar. Bu barada “Argus Media” baha kesgitleýji gullugy geçen çarşenbe güni habar berdi.
“Energetika özgerişleriniň geosyýasaty” boýunça hasabatda agentlik 2050-nji ýyla çenli global wodoroda bolan islegiň ýyllyk 410 million tonna töweregi ýokarlanjakdygyny çaklaýar. 2020-nji ýylda wodoroda bolan isleg 120 million tonna barabar boldy. 2050-nji ýylda ulanyljak wodorodyň üçden iki bölegi täzelenýän energiýa çeşmelerinden alnan ýaşyl wodorod, üçden bir bölegi bolsa tebigy gazdan alynýan gök wodorod bolar. Emma onuň uglerod zyňyndylary saklanar ýa-da gaýtadan ulanylar. Minerallardan öndürilýän çal wodorodyň, ýagny häzirki wagtda öndürilýänleriň hemmesiniň diýen ýaly doly ýok edilmegine garaşylýar.
Hasabatda bellenilmegine görä, 2030-njy ýyla çenli Hytaýda arzan bahaly elektrolizatorlaryň ulanylmagy, şeýle hem Hindistanda we Braziliýada täzelenýän çeşmeleriň bahasynyň pesligi we gazyň gymmatlygy sebäpli ýaşyl wodorod gök wodorod bilen bahada bäsleşip biler.
Häzirki wagtda 30-dan gowrak döwletleriň pes uglerodly wodorod önümçiligi boýunça meýilnamalary bardyr. Şeýle meýilnama 2017-nji ýylda diňe Ýaponiýada bardy. Bu ugurdaky özgertmeler ykdysady we syýasy gatnaşyklara täsir edip biler.
“Awstraliýa, Çili, Marokko, Saud Arabystany we ABŞ 2050-nji ýyla çenli arassa wodorod önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolmana ähli mümkinçiliklere eýdirler” diýip, IRENA öz hasabatynda aýtdy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Ýewropadaky hem-de Latyn Amerikadaky birnäçe ýurtlaryň içerki islegi kanagatlandyrmak üçin ýangyjy import etmek ähtimallygy bardyr.
Wodorodyň takmynan 85%-i önümçilik ýerlerinde sarp edilýär, sebäbi bu gazy daşamak heniz amatsyz we gymmata düşýär. IRENA 2050-nji ýyla çenli çig malyň üçden iki böleginiň içerki bazarlarda sarp ediljekdigini we diňe üçden biriniň eksport ediljekdigine garaşýar. Onuň ýarsynyň turbageçiriji arkaly daşalmagy, galan böleginiň bolsa suwuklyga öwrülmegi has köp energiýa talap edýän ammiak görnüşinde daşalmagy çaklanylýar.