Türkmen tebigy gazynyň eksportynyň artdyrylmagy ugrunda işler geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen tebigy gazynyň eksportynyň artdyrylmagy ugrunda işler geçirilýär
Türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine zerur üns berilmelidir diýip, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny geljekde has-da ösdürmek meselelerine garaldy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyna ýurdumyzyň daşary syýasatyna, ýangyç-energetika toplumyna hem-de ykdysady meselelerine jogapkär Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow hasabatynyň çäklerinde türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça berlen tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Döwlet Baştutanymyzy degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine hem zerur üns berilmelidir diýip, Milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Serdar Berdimuhamedow öz hasabatynyň çäklerinde nebitgaz pudagynyň işini ylmyň gazananlary esasynda kämilleşdirmek, ýangyç serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatyny diňläp, ýangyç-energetika ulgamy boýunça taýýarlanylan iri möçberli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen Pakistanyň Energetika ministri Hammad Ažaryň ýolbaşçylygyndaky pakistan wekiliýetiniň arasynda duşenbe güni Yslamabatda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar TOPH taslamasyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle-de Hammad Ažar Pakistanda tebigy gaz üpjünçiligiň zerurlygy sebäpli TOPH taslamasynyň möhletinden öň tamamlanmagy baradaky kararyny mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022