Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esse artdy
Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabatda Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň iki esse artandygyny bellediler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda ulag-logistika ulgamy, energetika, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy ýaly wajyp ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Saparynyň çäklerinde Roman Sklýaryň Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe pudagyna ýolbaşçylyk etýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow, ýangyç energetika toplumyna ýolbaşçylyk etýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Şahym Abdrahmanow, söwda we dokma toplumyna ýolbaşçylyk edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Çary Gylyjow bilen duşuşyklary geçirildi.

2022