Eýranyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Prezidentlige saýlanmagy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Prezidentlige saýlanmagy bilen gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Seýed Ebrahim Raisini 12-nji martda geçirilen saýlawlaryň jemleri bilen tanyşdyrdy. 

Milli Liderimiz ählihalk ses berlişiginiň netijeleri boýunça Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýlip yglan edilendigini belläp, şu pursatdan başlap özüniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde iş alyp barmagy maksat edinýändigini habar berdi we telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutanyna geçirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutany gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçen şenbe güni geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

2022