Yslamabatda YHG-niň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Yslamabatda YHG-niň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

22-23 martda Pakistanyň paýtagty Yslamatdaky parlament binasynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy bu ýyl ''Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň bina edilmegi'' şygary astynda geçirildi. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň başynda başlyklyk Pakistana geçirildi.

Giriş mejlisiniň barşynda Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, YHG-nyň baş sekretary Hisseýn Brahim Taha çykyş etdiler. Sebitleýin toparlaryň adyndan mejlisde Gazagystanyň (Aziýa topary), Tunisiň (Arap topary), Nigeriýanyň (Afrika topary) wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Öz çykyşynda Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda halkara synçylarynyň baha bermegine görä hakyky, erkin we bäsdeşlik ýagdaýynda ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilendigini habar berdi. Saýlawlaryň jemleri boýunça saýlawçylaryň sesleriniň 73% alan Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti boldy.

Raşid Meredow parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň ýola goýulmagynda bitaraplyk syýasatynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, şu babatda ''Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny'' atly kararnamanyň ähmiýetini belläp geçdi.

Owganystany goldamak meselesi babatyndaky Türkmenistanyň garaýyşlarynyň owgan meseleleriniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer aýratynlyklarynyň bitewiligine düşünmeklige esaslanandygy bellenilip geçildi. 

Durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde özara baglanşyklylygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy halkara ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdi.

Şu nukdaýnazardan, foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty barada habar berildi.

2022