Hindistanyň Prezidenti Aşgabadyň medeni we sport desgalaryna bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindistanyň Prezidenti Aşgabadyň medeni we sport desgalaryna bardy
Hindistanyň Baştutany Gypjaga baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady we kümmede gül dessesini goýdy. (Surat: Hindistanyň Prezidentiniň “Twitter” hasaby)

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind ýekşenbe güni Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän medeni-taryh, şeýle hem okuw binalaryna aýlandy.

Hindistanyň Baştutany ilki bilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna, soňra paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport toplumyna geldi we Hindistanyň görnükli şahsyýetleriniň biri Mahatma Gandiniň hormatyna dikilen ýadygärlige gül goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Soňra Prezident Ram Nath Kowind “Bagtyýarlyk” sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine bardy. Ol ýerde myhmanlara bu gadymy ylmyň käbir usullary we maşklary görkezildi.

Günüň ikinji ýarymynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Şeýle hem, saparynyň ikinji gününde şenbe güni Hindistanyň Baştutany Gypjaga baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady we kümmede gül dessesini goýdy.

Prezident Ram Nath Kowindiň sapary Hindistanyň Baştutanynyň Türkmenistana taryhda ilkinji döwlet saparydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022