Suwuň tygşytlanmagynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy

Nurmyrat Mommaýew
Suwuň tygşytlanmagynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy
Häzirki wagtda süýji suwuň 70%-i oba hojalygynda ulanylýar.

Ykdysady, daşky gurşaw, geosyýasy we tehnologiki töwekgelçilikler dünýädäki iň wajyp meseleler bolup durýar. Gurakçylyk daşky gurşaw bilen baglylykda adamzadyň geljegine howp salýan esasy global töwekgelçilikleriň hataryna girýär. Suwuň adalatly we deň derejede ulanylmagy durnukly ösüş üçin zerurdyr. Döwletler dürli tehnologiki öňüni alyş çäreleri we innowasiýalar arkaly suwy tygşytlap, gurakçylyk bilen baglanşykly howpy azaltmagyň ýollaryny gözleýärler. Emeli bulut döretmek, suwuň bugarmagyny azaltmak, deňiz suwuny süýjetmek ýaly täzeçil usullar dünýäniň dürli künjeklerinde hem-de dürli howa şertlerine laýyklykda ulanylýar. Bu täzeçil usullary ulanmak bilen bir hatarda, suwy tygşytly ulanmak hem möhümdir.

BBC-niň bilermeni Tim Smedliniň bellemegine görä, 2000-2050-nji ýyllary öz içine alýan 50 ýylyň dowamynda suwa bolan isleg 55% göterim ýokarlanar. Häzirki wagtda süýji suwuň 70%-i oba hojalygynda ulanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýyl-ýyldan köpelýän dünýä ilatynyň iýmite bolan islegini kanagatlandyrmak üçin 2035-nji ýyla çenli azyk önümçiliginiň 69% ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu bolsa oba hojalygynda ulanylýan suw möçberiniň artmagyna sebäp bolar. Süýji suwuň galan 20%-i senagat pudagynda, 10%-i bolsa öý hojalygynda ulanylýar. 

Mundan başga-da, suw dünýädäki elektrik energiýasynyň önümçiligi bilen bir hatarda elektrik stansiýalarynda sowadyjy hökmünde hem ulanylýar. Geljekde elektrik energiýa önümçiliginiň 20% ýokarlanmagyna, şunuň bilen baglylykda elektrik stansiýalarynda ulanylýan suw  möçberleriniň hem artmagyna garaşylýar.

Dünýäde süýji suwuň iň köp ulanylýan pudagy bolan oba hojalygynda ulanylýan suwaryş usullary möhüm ähmiýete eýedir. Bu pudakda suw sepiji ýa-da damjalaýyn suwaryş usullarynyň ulanylmagy arkaly suwuň sarp edilşiniň 70%-80% azalmagyna, şeýle hem önümçiligiň netijeliliginiň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar. Oba hojalygynyň suwaryş işlerinde topragy dürli usullar we ulgamlar arkaly suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bardyr. Häzirki wagtda oba hojalygynda ulanylýan suw möçberiniň we işçi güýjüniň tygşytlanmagyna, ekerançylyk ýerlerinde şorlaşmak hadysalarynyň öňüni almaga ýardam berýän suwaryş ulgamlaryny ulanmagyň ähmiýeti günsaýyn artýar. Soňky ýyllarda dünýäde esasanam plastmassa we maşyngurluşyk pudagyndaky ösüşler bilen bilelikde has köp suw we energiýa çeşmeleri tygşytlanyldy. Netijede, has tygşytly hem-de has täsirli täze suwaryş tehnologiýalary işlenip düzüldi.

Türkmenistan suw çeşmelerini durnukly dolandyrmak üçin innowasion çözgütleri we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribelerden peýdalanyp, bu ugurdaky täze usullary giňden ýaýbaňlandyrýar. Ýurtda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan suwaryş ulgamy, suw çeşmelerini tygşytlamak, elýeterlilik we üpjün etmek ýaly ugurlara maýa goýumlary goýulýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022