ÝHHG Hazar sebitinde ulag arabaglanyşyk taslamasyny giňeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝHHG Hazar sebitinde ulag arabaglanyşyk taslamasyny giňeltmegi meýilleşdirýär
“Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlarynyň ösdürilmegine ýardam bermek” atly taslamanyň umumy bahasy 2,5 million ýewro barabardyr.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) Merkezi Aziýanyň “gury” portlarynyň ÝHHG-niň taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligine seredýär. Taslama “ýaşyl” portlarynyň we Hazar deňzinde arabaglanyşygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Bu barada ÝHHG-niň resmi wekiline salgylanyp, “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, taslama sebitde ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ÝHHG-niň tagallalarynyň çäklerinde 2019-njy ýylda badalga berildi.

ÝHHG-niň resmi wekili “2022-nji ýylda biz taslama gatnaşyjy portlaryny goldamagy dowam edip, uglerod zyňyndylarynyň azaldylmagyna, söwda babatda maglumatlaryň sanly ulgam arkaly alşylmagyna hem-de logistika ulgamynda zenanlar üçin iş mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam bermegi dowam ederis” diýip belledi.

Guramanyň wekili taslamanyň çäklerinde şu aşakdaky wezipeleriň ýerine ýetirilendigini belläp geçdi:

  1. Hazar deňziniň ähli portlarynyň sanly ulgam babatda taýynlylygynyň bahalandyrmasy geçirildi;
  2. Portlaryň arasynda söwda babatda maglumatlaryň kagyzsyz alşylmagyna geçmegi tizleşdirildi. Bu bolsa söwda amallarynyň tizleşdirilmegine, howpsuz we durnukly amala aşyrylmagyna getirdi;
  3. “Ýaşyl” portlar ýörelgesiniň utgaşdyrylmagy goldanyldy we uglerod zyňyndylaryny azaltmak üçin “EcoPorts” şahadatnamasy berildi;
  4. Söwda-logistika ulgamyna gatnaşyjylaryň sebitleýin jemgyýeti döredildi.

Bellenilişi ýaly, “Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlarynyň ösdürilmegine ýardam bermek” atly taslamanyň umumy bahasy 2,5 million ýewro barabar bolup, oňa 2019-njy ýylda badalga berildi. Taslama Hazar deňzi boýunça umumy meseleler bilen bagly Türkmenistanda, Azerbaýjanda we Gazagystanda birnäçe çäreleriniň geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Taslama Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy we hususy sektoryň öňdebaryjy bilermenleri bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we Germaniýa, Italiýa hem-de Islandiýa ýaly ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Taslamanyň çäklerinde Bakuwdaky (Azerbaýjan), Aktaudaky (Gazagystan) we Türkmenbaşydaky (Türkmenistan) deňiz portlarynda awtomatlaşdyrmak we sanly ulgama geçmek prosessleriniň “Ýol kartasynyň” işlenilip taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022