Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze Premýer-ministrini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze Premýer-ministrini gutlady
Pakistanyň täze Premýer-ministri Şahbaz Şarif (Surat: AFP)

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklaryň özara ýakynlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, dost-doganlygyň we birek-birege hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, doganlyk halkyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Pakistanyň täze saýlanan Premýer-ministri, Pakistan musulman ligasy (PML-N) partiýasynyň ýolbaşçysy Şahbaz Şarif sişenbe güni kasam kabul edip, Hökümet Baştutany wezipesine işe girişdi.

2022