Türkmen işewürleri $145.4 millionlyk şertnamalary baglaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewürleri $145.4 millionlyk şertnamalary baglaşdylar
Şeýle hem, TSTB-niň agzalary umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça şertnamalaryň 51-sini baglaşdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) 14 ýyllygy mynasybetli gurnalan serginiň barşynda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 şertnamany baglaşdylar. Sergi öz işine Aşgabat şäherinde Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde sişenbe güni başlady.

Baglaşylan şertnamalar barada günüň ikinji ýarymynda TSTB-niň binasynda geçirilen maslahatyň dowamynda mälim edildi.

Baglaşylan şertnamalaryň 16-sy bahasy 3 million 247 müň 441 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan eksport şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import şertnamasydyr.

Şeýle hem, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça şertnamalaryň 51-sini baglaşdylar. Olar, esasan, dürli azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir.

Maslahatyň barşynda Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi jemgyýetçilik guramasy bolup, onuň esasy iş wezipesi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, ýurduň milli ykdyýadyýetiniň hususy sektorynyň ösdürilmegine ýardam bermekden, şeýle hem döwrebap telekeçilik infrastrukturasyny gurnamakdan ybaratdyr.

2022