Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy
4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetine ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça anna güni Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Dabara ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşaýjylar gatnaşdylar.

4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetine ynanyldy.

Düzümleýin desgalara içerki we daşarky suw geçirijileri, lagym, elektrik hem-de gaz geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlary çekiler, topluma gelýän hem-de ondaky awtoulag ýollary, pyýadalar üçin ýanýodalar abadanlaşdyrylar.

Ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylda doly taýýar edip, ulanmaga bermek bellenildi.

Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinde degişli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça Karara gol çekipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022