Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi
“Oguzkent” myhmanhanasy, Aşgabat, Türkmenistan

Paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.

Onuň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ahalteke atçylygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan türkmen atşynaslaryna, şeýle-de assosiasiýanyň agzalary bolan daşary ýurtly raýatlara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara we assosiasiýanyň Dolandyryş müdiriýetiniň türkmen hem-de daşary ýurtly täze agzalaryny kabul etmek baradaky çözgüdini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.

Вöwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp bolan, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Ýaponiýanyň “Akhal-teke Affinity Co.LTD” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe mejlisde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidentimizi saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna täze kabul edilen, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň Sport we bedenterbiýe komitetiniň “Milli atly sport görnüşleri merkeziniň” direktory Amanžol Amandykowiç Hasenow bolsa agzalyga kabul edilmek baradaky haýyşnamasynyň kanagatlandyrylmagynyň özünde ýakymly duýgulary döredendigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

2010-njy ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen baş edarasy Aşgabatda ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek ýaly maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem assosiasiýanyň mejlisine bagyşlanyp sergi geçirildi. Onda şekillendiriş, amaly-haşam, haly we zergärçilik sungatynyň eserleri hem-de ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotoişler görkezildi.

2022