Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 514 sany raýatymyzyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen raýatlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşandyny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.