Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama taýýarlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama taýýarlanyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda ygtyýarlandyrmak işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, geçirilen toplumlaýyn işleriň netijesi boýunça zerur resminamalaryň toplumy hem-de awtomobil, howa we deňiz ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak boýunça iş ýerine ýetirilende döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen degişli teklipler taýýarlanyldy.

Düzgünnama “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynda ygtyýarlandyrmak işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, munuň özi häzirki zamanyň şertlerinde ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek zerurlygy bilen şertlendirilendir diýdi.

Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak esasynda ulag düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda amala aşyrylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

2022